تبليغاتX
ِآلتین قوپبا - ALTYN GUPBA

( Owganystan ýol ýazgysy )  M A Z A R Y _ Ş E R I F.

Biz Kabuldan taksi bilen Mazary-Şerife tarap ýola düşdük. Ýolboýy biz Haýretdin hanyň, Mejid Turanyň, Gurban aganyň, Welnazar hajynyň, Aşyr hanyň telefonlaryna jogap berip mähirli aladalary bilen gurşalan myhmansöýerliginiň täsirinden çykman barýarys. Taksi sürüjisi bizi geň galdyryp biziň bilen rusça gepleşmäge başlady. ...

Yol Yazgy

حالت کامل مطلب - Matlabyn Doly Mazmuny

»»+«« Şu Sahypa Link | نوشته شده توسط: مایا | در 30 Jul 2011 | و ساعت 9:13 | | Baş Sahypa dolanyş

( Owganystan ýol ýazgysy ) K A B U L D A...

Biz Heratyň hiç hili şerti bolmadyk, mundan 30 ýylky öň Gyzylarbat şäherara Awtobus duralgasyny ýada salýan aeroportynda. Bu aeroportda gelenimizde az sanly adam bardy. Bize bir gün öň pişge murtly komandir biletimizi alan eken. Ir agat 9 –da uçuş wagty diýilip satylan bileti elimize aldyk. Wagt azalýar. Emma, ýolagçy gaty az. Bary ýogy 7-8 adam. Buz ýaly sowuk oturgyçlaryň birinde oturdum(oturgyçlar hem az sanlydy) Şol wagt salona başy gara bagana telpekli (hindileriň ýa-da pakistanlylaryň geýýän telpegi ýaly) bir ýaşy 70 töweregi ýaşuly adam bilen, yzynda başy çal perenjeli bir aýal gapydan girdi...

Map of independent Turkmenistan

حالت کامل مطلب - Matlabyn Doly Mazmuny

»»+«« Şu Sahypa Link | نوشته شده توسط: مایا | در 30 Jul 2011 | و ساعت 8:26 | | Baş Sahypa dolanyş

" Şäherleriň enesi", Heratda...

Gündogarda ``Şäherleriň enesi``hasaplanýan beýik akyldarlaryň watany Herat şäheriniň meşhur minaralary uzakdan seleňläp görünýär. Bu minaralar ozal 1979 ýylda, sowet goşunlary çozmazdan ozal 9 sany bolup, häzir olaryň diňe 5 sanysy zordan diýen ýaly saklanyp galypdyr.,, Täze döwrüň Çingizhanlary,, şäheri haraba öwrüpdirler. 800 ýyllyk taryhy bolan bu minaralaryň biri , şäheriň ene ýoluna tarap gyşaryp dur. ..

Afghanturkmen

حالت کامل مطلب - Matlabyn Doly Mazmuny

»»+«« Şu Sahypa Link | نوشته شده توسط: مایا | در 30 Jul 2011 | و ساعت 7:50 | | Baş Sahypa dolanyş

Demirtikenli simlerin öteki ýüzünde...

( Owganystan ýol ýazgysy )

Sanlyja metrlerde, bary- ýogy iki sany demirtikenli simleriň öteki ýüzünde, düýbünden başga bir ``dünýä`` bilen garşylaşdyk. Şol bir göm-gök asmanyň aşagynda, şol bir mele topragyň üstünde, şol bir howadan dem alyp dursakda, iki ‎‎‎‎‎‎‎‎‎‎‎‎‎‎‎‎‎‎‎‎ý‎‎urduň arasyndaky demirtikenli araçäkler iki ýurdy biri-birinden asman bilen zemin arasy ýaly tapawutlandyrýardy...

Serhet Zonasy

حالت کامل مطلب - Matlabyn Doly Mazmuny

»»+«« Şu Sahypa Link | نوشته شده توسط: مایا | در 30 Jul 2011 | و ساعت 6:41 | | Baş Sahypa dolanyş

د. م. سمیع زاده - حکایا  --------------------------------------------  Dr. M Samizade - HEKAYA

Nargül kellesini öl myžžyk bolan ýassygyndan göterdi. Gözlerinden akan ýaş duluklaryndan syrygyp, ýüzüniň bir tarapyny doňduran ýaly edipdir.Gatap galan ýaňaklaryny ýuwaşja sypalady. Ýüzünden garynja ýörän ýaly bolup, bedenini tikenekledi. Boýny agyr kellesini gotererden ejiz ýaly, bir gapdala gyşardy.Öl ýassygyny beýleki tarapyna öwürip, kelläsini mejalsyz halda oklap göýberdi. Gözlerini ýumdy-da,özüne ynjalyk bermeýän pikirlerden az salymda bolsa gaçmak üçin ýorgany başyna çekdi. Garaňkylyk ...

Map of independent Turkmenistan

حالت کامل مطلب - Matlabyn Doly Mazmuny

»»+«« Şu Sahypa Link | نوشته شده توسط: مایا | در 23 May 2010 | و ساعت 1:56 | | Baş Sahypa dolanyş

Heratyň töweregini gurşap duran belent daglaryň başyndaky ala-garlaryň eräp,dagyň joýa-joýa jülgelerinden aşak inip Heriruduň suwunyň köpelip başlamagy,gazaply gelen gyşyň aýazyna çydaman ýapraklaryny döken ýalaňaç agaçlaryň çybyjyklarynyň dömmerip pyntyklap ugramagy , şäheriň köçelerinde gezip ýören erkek adamlaryň  bolsa başlaryny büreýän galyň kadifeleriniň gerdene atylmagy  -- bularyň barysy baharyň alamatlarydy.Bahar gelse-de, palçykdan ýasalan gümmezlije öýleriň depesinden burugsap çykýan tüsseler al-asmana göterilip gidýärdi.Öýleriň kölege düşýän tarapynda bolsa bölejik-bölejik ala garlar häzirem eräp ýetişmändi.Şäheriň gijelerine doňup, gündizlerine ereýän asfalt garasyny görmedik darajyk, gumly köçeleri bolsa dyzdan laýa, palçyga öwrülipdi. Balaklaryny dyzyna çenli düýrüp gelip - geçýän erkek kişiler we çal perenjelerini ýokarrak götermäge çekinýän aýallaryň bolsa, etekleri laýa bulanyp bu köçelerden şäheriň merkezine çykýardylar. DOWAMY...

حالت کامل مطلب - Matlabyn Doly Mazmuny

»»+«« Şu Sahypa Link | نوشته شده توسط: مایا | در 19 Mar 2010 | و ساعت 14:47 | | Baş Sahypa dolanyş

 Gapdalymdan  zybyrdap  geçýän maşynlary, yzy üzülmeýän ýollary, beýik gat tamlary synlap barşyma, münüp barýan awtobusumyň ahyrky  duralga gelip ýetendigini hem bilmän galypdyryn.Awtobusuň araýolunda   inmäge taýýarlanan ýolagçylaryň arasyna sokuldumda , ädimme-ädim öňe  ýöredim.Gapysyndan bir aýagymy sallap ýere  ýetiren  badyma ,öňümde ýüzi bürelen, okara ýaly uly we sowuk gözlerini balkyldadyp awtobusdan düşýänleriň garşysynda  el serip duran   aýala gabatlaşdym. Onuň egnindäki  köneje, gap-gara paltosynyň erkek adamyňkydygyna  garamazdan, edil özüne deňelip biçilen ýalydy. Üstünden bir näçe gyşy geçiren palto, onuň eteginden görnüp duran  sport balak, aýagyndaky köneje sport köwüş ony birbada görenlerde erkek kişidir diýen pikiri döredýärdi.Ýöne başyndaky ýalykdan çen tutaýmasaň ýa-da onuň inçejik zarynlap  sözleýşi diýäýmeseň, asyl-ha tapawutlandyrar ýaly däl-di.

حالت کامل مطلب - Matlabyn Doly Mazmuny

»»+«« Şu Sahypa Link | نوشته شده توسط: مایا | در 19 Mar 2010 | و ساعت 14:40 | | Baş Sahypa dolanyş

 Ogulhan gelin ysgynsyz aýaklaryny süýräp  zordan öýüne ýetdi.  Özüni goşma kecäniň üstündäki goşa ýassyga oklady. Bütin obanyň içinden geçip gelşine, aglamajak bolup dolan ýüregini, uly sesi bilen  gygyryp boşatdy. Ilki  başda haýkyryp aglasa-da ,soňa –baka  horkuldap aglady. Boş öýüň icinde önuň sesi aýlanyp, ýaňlanyp gidýärdi. Hiç kim ony diňdirmedi, ahyryn hem  özi aglap –özi diňdi...

Ogulhanyň soňky döwürde ile cykyp,  aglaman gelýän gezegi az bolansoň, daşarda öz işine gümra bolup ýören adamsy hem bu gezek öýe gelip aýalyny köşeşdirjek hem bolmady. Ol indi tä aýalynyň özi çykyp ony agşam şamyna çagyraýmasa, öýe aýagyny hem ätmejege meňzeýärdi.  Biraz wagtdan Ogulhanyň sesi tapba ýatdy.``Ýataýdymy-ka?! Ýa-da ýene-de düwünçeklerini açyşdyryp güýmenýärmi-kä? Ýa-da şam-şor bişirmegiň aladasyndamy-kä?``- diýip Muhammet  içini gepletdi. Ol öýüň penjiresinden bukdaklap görünmän, egilip geçdi-de,  diňşirgendi. Öýdäki  agy sesi ýatypdyr.Ses üýn ýok...

حالت کامل مطلب - Matlabyn Doly Mazmuny

»»+«« Şu Sahypa Link | نوشته شده توسط: مایا | در 19 Mar 2010 | و ساعت 14:38 | | Baş Sahypa dolanyş

Göraymage dılsız-agyzsyz garalyp yatan beyık daglar dunya doralı barı şool dymyp oturyşy yaly... Olaryn  gok asman bılen bas edyan  ak başlaryndan başlap – ta  ulgam-ulgam kıçıjık gerışlerını çenlı agras dem alyp ,zemının depesınden seredıp, dunyanın syryny gursagyna sygdyryp yatyr. Şeyle bolanson halkyn anynda  daglar sabyr- kanagatyn, çydamlylygyn, gınlıgın, beyıklıgın, sımwolyna owrulıpdır.

     Elmydama başy gowgaly, geçmışı soweşlerden, yenışlerden doly turkmen halkynyn  hem her yerde yaşasa yaşasyn hokman arkasyny gara daglara dıremek hasıyetı bar. Şona gora-de şahyrynyn dılı-de, sazandasynyn sazy-da  koplenç daglar hakda soyleyar. Enelerı oz perzentlerını soyse-de: garaşyar.

حالت کامل مطلب - Matlabyn Doly Mazmuny

»»+«« Şu Sahypa Link | نوشته شده توسط: مایا | در 26 Apr 2009 | و ساعت 19:27 | | Baş Sahypa dolanyş

Türkmen halkynyñ geçmişine göz aýlasañ, gadymyýetiñ çuñluklaryndan asyrlaryñ agyr günlerini başdan geçiren – bir gadymy halkyñ owazy gulagyña gelýär. Türkmen halky ajyly-süýjüli günleri arkasyna atyp ýegşerilmän şu günlere ýetip geldi. Şo boldy – ýurt eýeledi, aryf-dana boldy – akyl berdi, ema “Miweli agajyñ başy aşak” diýilşi ýaly, hiç wagt men-menlik satmady. Beýle häsiýet bolsa, Türkmeni jahana tanatdy. Türkmen halky ýaly bütün ýer ýüzünde uly bir migrasiýany (ýaýraýyşy) geçiren halk az-azdyr. Onuñ hem sebäbi soñky müñýyllykda Türkmen halkynyñ içinden dörän imperatorlyklar, şalyklar, beglikler, hanlyklar sebäp bolupdyr. Haýsy mekanda ýaşasalaram öz TÜRKMEN adyna ysnat getirmän, gaýtam şol ýurduñ soltany-begi derejesine çenli göterildi. Türkmeniñ adyny arşa göteren şahsyýetleriñ Hytaýdan başlap Hindistana, Ýewropa ýurtlaryndan tä Amerika çenli adyny eşitmek mümkin. Türkmen taryhy, medeniýeti, edebiýaty, sungaty ony bütün jahana aýlady. ...

حالت کامل مطلب - Matlabyn Doly Mazmuny

»»+«« Şu Sahypa Link | نوشته شده توسط: مایا | در 26 Apr 2009 | و ساعت 19:13 | | Baş Sahypa dolanyş

GÜNÜŇ SÖÝGÜSI.

  Daň agaryp ugrandan gündogardan gün hem gyzaryp dogdy.Gün bilen tebigat hem bile oýandy.Ähli janly-jandarlar herekete geldi.Han-ha, bir adam bolsa ýaňy dogan güni ýüzüne sylyp dur.Kekeçleri köz ýaly horazlar bolsa, günüň doganyny biri-birinden öň habar berjek bolup sesleriniň ýetdiklerinden gygyryşýarlar.Akly-gyzylly al-elwan güller hem öňküsinden gözelleşip, ertiriň çygyna has ter, owadan görünýardi.Gün öz täsirini al-asmandan görüp guwandy. ...

حالت کامل مطلب - Matlabyn Doly Mazmuny

»»+«« Şu Sahypa Link | نوشته شده توسط: مایا | در 12 Nov 2008 | و ساعت 11:39 | | Baş Sahypa dolanyş

SHEM

ŞEM

Her günki adata görä, ähli maşgala şamyny iýmek üçin saçagyň başyna üýşdüler.

Naharyň ysy töwerege ýaýransoň, her kim ulularyň ``Bissimyllasyna``sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.Ulular nahara ellerini uzadyp,  kiçilere hem iýmegi mürähet eden wagty ...

 Birden elektrik çyralary öçdi.Eller saçaga ýetmän doňup galdy.Birden garaňky-da öýüň zenanynyň sesi eşidildi ``Duraweriň, gymyldamaň ,ýogsam gyzgyn çorba ýakaňyzdan guýulaýmasyn, ...

حالت کامل مطلب - Matlabyn Doly Mazmuny

»»+«« Şu Sahypa Link | نوشته شده توسط: مایا | در 3 Nov 2008 | و ساعت 17:36 | | Baş Sahypa dolanyş

Tüm ýerlikli bloglar üçin Altyn logo

آلتئن قوپبا - Altyn Gupba


Ak ýerlikli bloglar üçin Altyn logo

آلتئن قوپبا - Altyn Gupba




Powered By
BLOGFA.COM